Täze nesil fotožurnalistika

«Arçabil» otelinde geçirilýän «Media Start» žurnalistika okuw maslahatynyň soňky gününde ussat fotosuratçy Sergeý Mirzoýew fotožurnalistika barada öz tejribelerini paýlaşdy.

Gowy kadrlar düşürmek üçin professional fotoapparat almak hökmän däldigini, adaty telefonyň kamerasy bilen hem gowy surat düşürip boljakdygyny belläp geçdi.

Surata düşürilende ýagtylyk, fon, rakurs, diafragma, matrissa ýaly düşünjeler barada maglumat berdi.

2017-nji ýylda Aşgabatda geçen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda örän şowly bolan fotosuratlarynyň slaýdşowuny seminara gatşýanlara görkezdi.

Be the first to comment on "Täze nesil fotožurnalistika"

Leave a comment

Your email address will not be published.


*